Prayers & Meditations

Turkmen · Bahá'u'lláh

Add range:

Şerif, Belent mertebe we Beýik Taňrynyň ady bilen.

Päk we Mukaddes Sen, Eý meniň Taňrym! Ýa Ylahym, Ýa Hojam, Ýa Möwlam, Ýa Imanym, Ýa Umydym, Eý Penahym, Eý Çyram!

Özüňden başga hiç kimiň bilmeýän, pynhan hazynaňda saklanýan adyň hatyrasy üçin dilegim budur: Bu dogany ýanynda saklaýan ynsany bela-beterden, keselden, Şeýtandan, ýamanlaryň edýän şer-pitnesinden, kapyrlaryň gurýan hilesinden gorap saklagyn.

Ýa Ylahym! Hem-de ony dertlerden hem jepalardan goragyn.

Eý Melekutyň Eýesi we Eý ähli zatlaryň hakykat äleminiň Eýesi! Dogrudanam Sen bar zady başarýansyň hem islän işini edip bilýän we erkine görä buýruk berýän diňe Sensiň.

Eý Melekleriň Mäligi we eý Mähriban Soltan! Eý ezeli Jomart we eý Keremli Alla! Rähmet eýle Eý keselleri Em Ediji we Eý hajatlardan Binyýaz!

Eý Nuruň Nury, bar nurlardan Nurana!

Eý görnüşleriň aýdyňlygy! Ýa Rahman, Ýa Rahym!

Bu dogany ýanynda saklaýan ynsana ägirt uly Keremiň hem iň beýik Jomartlygyň bilen Merhemet et. Eý Geçirimli, Eý Bagyşlaýjy! Ony Öz gözegçiligiň bilen, köňlüniň islemeýän zatlaryndan goragyn. Dogrudanam Kadyrlaryň Kadyry Sensiň.

Eý ykbalyň güneşi! Onda Allanyň ýalkymy Saňa saçylsyn. Onda sen hem güwä geç Allatagalanyň Öz ruhuna güwä geçen zatlaryna. Dogrudanam Ol Eziz we Mahbubdan başga tagzym etmeli Alla ýokdur.

Uly Durkuňdan äşgär bolan Alkyş we Äbha, Jemalyňdan saçylýan ýalkym Seniňdir Eý Beýiklik nyşany, Bakylygyň Soltany we ýerde-gökde bolan bar zatlaryň Eýesi!

Allanyň Patyşalygy we Hökümdarlygy, Ululygy we Durkunyň ägirt beýik Orny, Seniň bilen görünendigine, takdyr asmanynda Gadymy Güneşleriň, Seniň bilen parlandygyna hem-de Seniň bilen ýaradylyş gözýetiminde Gaýyp Jemal äşgär bolandygyna şaýatlyk edýärin. Seniň Galamyň ýekeje hereketi bilen barlyk äleminiň dörändigine we Taňrynyň pynhan syry aýan bolup, dirilik dünýäsi başlap, Pygamberler iberilendigine güwä geçýärin.

Seniň Jemalyňda Magbud Jemaly aýdyň bolup, Seniň Roýuňda Maksut rugsary parlandygyna, Seniň birje sözüň bilen ýaradylanlaryň arasyna jydalyk düşüp, päkler iň belent derejä galkyp, müňkürler bolsa iň pes mertebä düşendigine şaýatlyk edýärin.

Şonuň ýaly-da Seni tanan kişi dogrudanam Allany tanandygyna we didaryňy görenler, hökmän Alla didaryna gowşandygyna güwä geçýärin.

Onda, Saňa we Seniň Kelamyňa iman getiren, Seniň Patyşalygyňa baş egen, Seniň didaryňa gowşan, Seniň razylygyňy tapan, Seniň daşyňda towaf eden we Seniň arşyňa baran kişi bagtyýardyr. Saňa sütem eden, Seni inkär eden, Seniň Kelamyňa müňkürlik eden, Seniň Emriňe garşy çykan, Seniň barlyk hakykatyň tersine göreşen, Seniň gaşyňda tekepbirlik eden, Seniň delilleriň bilen jedel eden, Seniň Hökmüňden hem Gudratyňdan daş gaçan we Seniň buýruk Barmaklaryň bilen Mukaddes Ýazgylaryňda ýazylyp kapyrlar toparyna taşlanan kişi iň betbagt adamdyr.

Eý Allanyň Jemaly! Taňry senasy we Onuň zikri, Taňry öwüşgüni hem Onuň ýalkymy Seniňdir. Dünýäniň gözi Seniň deý Mazlumy hergiz gören däldigine güwä geçýärin. Ýaşaýan Eýýamyňda belalar girdabyna düşdüň. Kä mahal gandal-zynjyrlar bilen bagly bolup, käteler ganymlaryň gylyjynyň astyndadyň. Onda-da illeri, Dana hem Hekim bolan Allanyň Saňa buýran permanlary bilen çagyrdyň.



 Seniň çeken jebirleriňe meniň ruhum pida bolsun, Seniň gören görgüleriňe meniň janym gurban bolsun. Seniň ýüzüň nurundan rugsarlary röwşen bolan kişilere uýup we yhlas bilen Seniň buýruklaryňy berjaý eden kişilere uýup, sen bilen bendeleriň arasynda asylyp duran perdeleri aýyrsyn hem maňa-da bu dünýe hem ahyretiň haýyryndan rysgal ýetirsin diýip Alla tagaladan dileýärin.

Dogrudanam iň Başarjaň, Belent mertebe, Eziz, Merhemetli we Mähriban Sensiň.

Barhudaýa! Öz ýagşy Atlaryň we gözel Sypatlaryň dowamynda, bu Agaja, Onuň ýapraklaryna hem şahalaryna, köklerine hem pudaklaryna şöhrat ýolla. Onsoň olary duşmanlaryň pitnesinden, zalymlaryň goşunyndan gorap sakla. Dogrudanam iň Başarjaň we Kadyr Sensiň.

Eý Taňrym! Nesip edip Seniň ýanyňa gowşan bendeleriňe we kenizleriňe abraý hem bereket bagyş eýle. Dogrudanam iň Jomart, Dana we Uly Sensiň.

(Her gün ertir, öýlän we agşam okalýar)

Orta namazy okamak isleýän kişi, iki elini ýuwsyn hem-de ýuwup durka şeýle diýsin:

Barhudaýa! Seniň kitabyňy berk saklar ýaly, ellerime şeýle bir güýç ber ki, älemiň ähli goşunlary birigip, ony elimden ala bilmesin. Onsoň ellerimi özümiňki däl zatlary eýelemekden gora. Dogrudanam iň Başarjaň we Kadyr Sensiň.

Onsoň ýüzüni ýuwup durka şeýle diýsin:

Eý meniň Rebbim! Ýüzümi Saňa öwürdim. Ony Öz rugsaryň nury bilen röwşen eýle. Onsoň ony Özüňden özgä ýüz tutmakdan gora.

Onsoň ol dik durup, ýüzüni Kybla tarap tutup şeýle diýsin:

Alla güwädir, Özünden özge Taňry ýokdyr. Emir etmek hem ýaratmak Onuňdyr.

Ol Zuhuryň Maşrygyny hem Tur Dagynyň Sözleýjisini aýan etdi. Onuň bilen, “Agla şapagy“ röwşen boldy we “Sadratul-Muntaha” agajy dil açdy we şeýle owaz ýer bilen gögüň arasynda ýaňlandy: “Hakykatdan Mülküň we Melekutyň Eýesi geldi. Ululyk we Hormat, bendeleriň Möwlasy, arşu-zeminiň Serweri bolan Taňra mahsusdyr”.

Onsoň eglip şeýle diýsin:

Sen meniň öwgimden we menden özgeleriň öwgüsinden, meniň etjek waspymdan we ýerde-gökde bolanlaryň barynyň etjek waspyndan has Päkdirsiň.

Onsoň dik durup we ellerini dilege galdyryp şeýle diýsin:

Ýa Ylahym! Umyt barmaklary bilen Seniň Rähmet we Jomartlyk donuň eteginden ýapyşyp ýalbarýany näumyt eýleme, Eý Sen Mähribanlaryň Mähribany.

Onsoň dyzyna çöküp oturyp şeýle diýsin:

Seniň birligiňe we taýsyzlygyňa, Seniň hakykatdan hem Alladygyňa we Senden özge Taňry ýokdugyna güwä geçýärin. Ynha Sen Öz Emriňi aýan eýlediň we Öz ähdiňe wepa etdiň, hem-de ýerde-gökde bolanlaryň baryna kerem gapysyny açdyň. Dünýe maly, olary Saňa tarap gönükmeden saklap bilmedik dostlaryňa we Seniň ýanyňdaky zatlara ýetmek üçin öz baýlyklaryndan geçen dostlaryňa salam, doga, tekbir we Äbha bolsun. Dogrudanam Ýalkaýjy we Jomart Sensiň.

Hu’äl-Äbha.

Eý Ýeke-Täk Dilber, Eý taýsyz Mahbup! Bu biçäre awarany Öz Merhemetiňden we Keremiňden berip sylanyň üçin, “Änisa” şejeriniň giňden ýaýran saýasynda aman bereniň üçin Saňa şükür edýärin.

Hu’Alla.

Eý Perwerdigär! Bu ýaşaýyş suwuna suwsany Dirilik çeşmesinden gandyr. Bu hassany Melekuty derman bilen em et. Bu bimara hakyky şypa ber. Bu ýykylana Agzam däri bilen kuwwat hem güýç ber. Sensiň Şypakär. Sensiň Binyýaz. Sensiň Wepadar.
(Saçak başynda okalýan dogalar) Barhudaýa! Nähili Saňa şükür edip bileris. Seniň nygmatlaryň tükeniksizdir, biziň etjek minnetdarlygymyz çäklidir. Çäkli, Çäksize neneň şükür eýlesin? Seniň Rähmetleriňe şükür etmekden ejizläp, doly biçärelik bilen Seniň Melekutyňa ýüz tutýarys we Seniň berýän nygmat we keremiň köpelmegini dileýäris. Sensiň Sahy, Geçirimli we Başarjaň.
Sowuk çesmeleriň joşgunyndan dolan, Ylahy derýalaryň suwundan meni gandyr, Eý meniň Taňrym! Öz barlyk daragtyň miwelerinden maňa rysgal ber, Eý meniň Umydym! Öz muhabbet çeşmeleriň dury suwundan içir, Eý meniň “Baha’m”! Öz Ebedi mähriň saýasyndan maňa ýer ber, Eý meniň Arzuwym! Öz ýanyň gülüstanynda, Öz huzuryňda meni aýla, Eý meniň Mahbubym! Öz kerem tagtyň sag tarapynda meni oturt, Eý meniň Maksudym! Hoş ysly şadyýanlyk şemallaryndan ýolla maňa, Eý meniň Islegim! Öz barlyk hakykatyň Mukaddes Jennetine sal meni, Eý meniň Magbudym! Öz ýalňyzlyk guşuň owazlaryny maňa eşitdir, Eý maňa Aýan! Başarjaňlyk we gudrat ruhy bilen dirilik bagyş eýle, Eý maňa rysgal berýän! Öz söýgi ruhuň bilen meni berk durar ýaly et, Eý meniň Goldaýjym! Öz razylygyň şaýolunda meni galkyndyr, Eý meni Ýaradan! Öz Baky Jennetiňde, Öz Taban ýüzüň gaşynda meni ebedi eýle, Eý maňa Rehim Edýän! Öz ululyk tagtyňda maňa ýer ber, Eý meniň Eýäm! Öz enaýat asmanyňa meni uruj etdir, Eý meni Döreden! Öz hedaýat güneşiň bilen maňa ýol görkez, Eý meni Özüne Çekýän! Öz Ýeke-Täkligiň pynhan jilweleriniň ýanyna çagyr meni, Eý meniň Başlangyjym hem Arzuwym! Meni Öz aýan etjek atyrly jemalyňa tarap öwür, Eý meniň Taňrym! Dogrudanam erk edýän zadyny başarýan diňe Sensiň. Dogrudanam Sensiň Uly, Eziz we Belent mertebe.

Hu’äl-Äbha.

Alkyş Saňa laýykdyr, Eý meniň Taňrym!

Bu ýetimleri Öz enaýat çadyryňa ýol berdiň. Bu garyplary Öz gurplylyk genjiňe tarap ýola saldyň we bu zelillere gadym ezizligiň ýoluny görkezdiň. Alkyş Saňa, şükür Saňa Eý Perwerdigär.
Hu’äl-Äbha. Uçur bagyň ol guşlaryny! Bossanyň ol bilbillerini saýramaga sazlaşdyr, hem olary Äbha Melekutynyň owazyna syrdaş eýle. Ýüreklere heýjan, şatlyk guý. Bendelerde, ruhlarda hyjuw hem maýyllyk döret. Goý olar saz bilen, dep bilen, tüýdük bilen haý-haý edip başlasynlar we Saňa edilmeli alkyşyň sypatyny aýtsynlar. Belki älemiň göwresi galkynyp, Ylahy sazyň mukamyny aýdym edip Äbha Melekutyna ýetirsinler.

Ýa Ylahy, Ýa Magbut!

Senden geldim hem Saňa barýaryn. Kalbymy Öz tanyklygyň nury bilen ýagtylt. Sen şeýle bir güýçlisiň welin älemiň we illeriň ähli güýçleri Seniň gudratyňa böwet bolup bilmezler. Seniň kerem güneşleriň ýekeje ýalkymyndan, keramat deňizleri dörändir we Seniň Jomartlyk güneşiň birje tejellisinden, barlyk älemi ýaradylandyr.

Eý Perwerdigär! Eýýamyňa laýyk däl zatlary al hem gerekli zatlary bagş eýle. Sensiň ol Jomart ki sahylygyň çägi bolmaz. Saňa sygynýarys, Seni çagyrýarys, Senden dileýäris. Sensiň Jomart, Sensiň Bagyşlaýjy.

Short Obligatory Prayer

To be recited once in twenty-four hours, at noon.

گواهلق بریاربن ای منینگ خداریم سن منی با را ندینگ لورنینگی تانا تین و عبادت اتنگ ادجین ، شهادت بریاربن شو حاله، لرد یارلمرلقه وسن تیک قوت لنتگا ولود سوگل لکه وسن تیک اقنت ایرلنتگا ولود بوق میرلقه وسن تینگ بای لنتگا ، بوق سن دن باشقا خدا قدیرلی ایام سنینگ